“Türkmengaz” “Petrofac” bilen “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça şertnama baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” “Petrofac” bilen “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça şertnama baglaşdy
“Petrofac” kompaniýasynyň hünärmeni işleriň alnyp barşyny barlaýar. (Surat: Oil & Gas Middle East)

“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine ýardam bermek babatda “Petrofac” energetika kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

“Petrofac” kompaniýasynyň metbugat gullugynyň anna güni habar bermegine görä, şertnama üç ýyl möhlete baglaşylyp, onuň umumy bahasy 200 million ABŞ dollaryndan ybaratdyr.

Ylalaşyk dolandyryş üçin işgärleriň iberilmegini, işleriň we tehniki üpjünçiligiň goldanylmagyny, satyn almalar boýunça tehniki goldawy we hyzmatlary hödürlemegi, şeýle hem “Galkynyş” gaz käniniň Merkezi tehnologiýa düzümleriniň netijeli işini goldamak üçin dolandyryş ulgamlaryny işläp taýýarlamagy hem-de ornaşdyrmagy özünde jemleýär.

“Petrofac” kompaniýasynyň Türkmenistanda hyzmat etjek desgalary Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndan uzakda bolmadyk çäkde ýerleşip, olar 10 milliard kub metr möçberdäki kuwwatlylyga eýedir.

“Petrofac” kompaniýasynyň “Asset Solutions” bölüminiň baş dolandyryş direktory Nik Şorten kompaniýanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen hyzmatdaşlygynyň taryhyna buýsanýandygyny belledi hem-de işleriň howpsuzlygyny we ygtybarlygyny ýokarlandyrmaga şert döredýän şeýle hyzmatdaşlygyň geljekde hem giňeldiljekdigine umyt bildirdi.

“Petrofac Limited” – bu nebit, gaz we gaýtadan dikeldilýän energetika desgalarynyň taslamalaryny işläp düzmäge, gurmaga hem-de üpjün etmäge ýöriteleşen halkara energetika kompaniýadyr. Ol bu ugurda hünärmenleri hem taýýarlaýar. “Petrofac” kompaniýasynyň dünýäde 30-dan gowrak edarasy bolup, onuň esasy edara binasy Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýär.

2022