Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň telekeçileri hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň telekeçileri hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşarlar
“Business 5+1” (B5+1) işewürlik maslahaty işe goýberilýär, 2023-nji ýylyň 15-nji noýabry (Surat: ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň X hasaby)

Gazagystanyň Almaty şäherinde şu ýylyň 14-15-nji martynda “Business 5+1” (B5+1) işewürlik maslahaty geçiriler. Onuň maksady sebit hyzmatdaşlygyna ýardam etmekden we Merkezi Aziýada işewürlik gurşawyny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Bu barada ABŞ-nyň Hususy telekeçiligiň halkara merkezi habar berýär.

Forum esasy pudaklary, şol sanda ulag, elektron söwda, syýahatçylyk, “ýaşyl” energetika we oba hojalyk işewürligi ýaly ugurlarynyň ösdürilmegini maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň döwlet hem-de işewür wekillerini bir ýere jemlär.

Bu maslahatda Merkezi Aziýanyň 300-den gowrak bilermeniniň we 200 sany işewürlik guramanyň bilelikdäki işiniň ýyllyk netijesi bilen tanyşdyrylar. “Business 5+1” işewürlik maslahaty ABŞ-nyň Söwda palatasynyň şahamçasy bolan Hususy telekeçiligiň halkara merkezi (CIPE) bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Iki günüň dowamynda işewür toparlaryň wekilleri we hünärmenleri bitewi sebit bazaryny özünde jemleýän Merkezi Aziýada baglanyşykly ykdysady giňişligi döretmek barada özleriniň garaýyşlary boýunça pikir alşarlar.

“B5+1” forumyny geçirmeklik ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maliýeleşdirmeginde we CIPE-niň dolandyrmagynda amala aşyrylýan “Merkezi Aziýada işewürlik gurşawyny gowulandyrmak” maksatnamasynyň çäklerinde öňe sürüldi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldamagynda CIPE guramasy “C5+1” görnüşli diplomatik iş bilen utgaşykly alnyp barylýan “B5+1” işewür hyzmatdaşlyk meýdançasyny döretmek başlangyjynyň başyny başlady.

2022