“Astana” diplomatik kluby Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň telekeçilerini 26-29-njy mart aralygynda iş sapary bilen Ermenistana barmaga çagyrýar. Bu barada TSTB ýekşenbe güni habar berdi.
Dört günlük saparyň esasy maksady ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmekden we ýerli kärhanalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybarat bolar.
Saparyň dowamynda Ermenistanyň ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň we ýerli häkimlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirilip, bilelikdäki taslamalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Habarda bellenilişi ýaly, bu saparyň guramaçylary esasy ünsüň IT, dokma senagaty, maşyn gurluşygy, agrosenagat toplumy, ulag we logistika ugurlaryna gönükdiriljekdigini nygtaýarlar.