Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2024-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 429,12 million manada ýetdi. 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 747,55 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2024-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 54 milliard 290 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 57 milliard 735 million manada deň boldy.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 359 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 11 milliard 953 million manada ýetdi.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 21 milliard 780 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 60 million manada deň boldy.
Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 973 million 153,46 manatdan geçdi.