Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabata görä, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglaryny, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny, uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mämmethan Çakyýew täze desganyň 2,24 gektar meýdanda gurlup, onuň çäginde tehniki we kömekçi binalaryň, sport meýdançasynyň, rezerwuaryň, tehniki desgalaryň, awtoduralgalaryň ýerleşdirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary döwrebap şertlerde ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň hem-de “Ak bulut” hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda “Türkmen gips” hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edildi.