Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürýän zawod gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürýän zawod gurlar
“Tejenkarbamid” zawody, Ahal welaýaty, Türkmenistan.

Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda ammiak we karbamid önümçilik zawody gurlar.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan ammiak we karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek we doly gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin oňa gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitleri hakynda maglumatlar görkezilen hem-de ýazmaça görnüşde ýazylan arza tabşyrylmaly.

Şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1725 ABŞ dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) tölemeli.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

2022