“Ajaýyp-gurluşyk” Daşoguzda täze saglyk merkezini gurýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ajaýyp-gurluşyk” Daşoguzda täze saglyk merkezini gurýar
Işçi-hünärmenler gurluşyk işlerini alyp barýarlar.

“Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy Daşoguz şäherinde täze saglyk merkeziniň gurluşygyny alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Täze saglyk merkezi Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurluşygy dowam edýän täze ýaşaýyş toplumynda gurulýar.

Iki gatly täze binanyň umumy meýdany ýarym gektara deň bolup, häzirki wagtda onuň düýbi tutuldy we birinji gatyň daýanç sütünleri gurulýar.

Habarda bellenilişi ýaly, täze desgada registratura, administratiw we lukmançylyk bölümleri, bejeriş otaglary, barlaghana, dermanhana we başga-da dürli otaglar gurlar.

Täze saglyk merkezini ilata giň bejeriş we anyklaýyş hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýän häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Soňky ýyllarda Daşoguz şäherinde 450 orunlyk häzirki zaman köp ugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa klinikasy ýaly köp sanly täze bina işe girizildi.

2022