Türkmenistanda telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugruň açylmagy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugruň açylmagy maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi, 2024-nji ýylyň 6-njy apreli

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň, zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugurlary açmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de ýurtda adam hukuklary çygrynda amala aşyrylýan “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyny” durmuşa geçirmek ugrunda öňde durýan wezipelere garaldy.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlygyň we halkara resminamalaryna goşulmagyň mümkinçilikleriniň hem-de HZG bilen bilelikdäki çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi.

2022