TDHÇMB-nyň söwdalarynda nebit-himiýa önümlerine uly isleg bildirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-nyň söwdalarynda nebit-himiýa önümlerine uly isleg bildirildi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 7 million 106 müň 502 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Owganystanyň işewür toparynyň wekili umumy bahasy 2 million 320 müň ABŞ dollaryna barabar bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldy. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçi TS-1 kysymly awiakerosin, Maltadan gelen telekeçi bolsa Jet A-1 kysymly awiakerosin satyn aldy. Geleşikleriň jemi bahasy 4 million 785 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Türkiýeli işewür umumy bahasy 1002 ABŞ dollaryna barabar bolan "Galit" galyndysyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 20 million 590 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022