“Saýlanan Bina” hususy kärhanasy Daşoguz şäherinde täze “Hyzmatlar öýi” binasynyň gurluşygyny alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Täze “Hyzmatlar öýi” Daşoguz şäheriniň halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurulýan täze ýaşaýyş toplumynda ýaşaýjylara hyzmat etmek üçin gurulýar.
Iki gatdan ybarat boljak täze binanyň umumy meýdany bir gektardan geçip, bu ýerde dürli maksatly otaglar, şol sanda myhman otaglary, dolandyryş, önümçilik we ammar jaýlary ýerleşdiriler.
Habarda bellenilişi ýaly, täze jemgyýetçilik desgasy, ilata köp görnüşli hyzmatlary hödürlemek we ýerli ýaşaýjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen häzirki zaman jemgyýetçilik hyzmatlar toplumy bolar.
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumynda rahat ýaşamak üçin zerur bolan ähli durmuş desgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär.