Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçe gurulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçe gurulýar
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasy

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän “Täze ýol” geňeşliginiň çäginde täze häzirki zaman şäherçäniň gurluşygy dowam edýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda gurulýan binalaryň köpüsiniň gurluşyk işleri tamamlandy.

Täze şäherçe dolandyryş, durmuş-medeni we önümçilik maksatly dürli binalardan, ähli amatlyklary üpjün edýän iki gatly kottejlerden we dürli görnüşli ýüzlerçe amatly jaýlardan ybarat bolar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde 420 okuwçy üçin niýetlenen häzirki zaman orta mekdep we 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, medeniýet öýi, aragatnaşyk öýi, 500 orunlyk “Toý mekany”, ýarym gektar meýdanda ýerleşýän ýapyk bazary bolan söwda merkezi, senagat we azyk dükanlary, ýangyn deposy we beýleki desgalar gurlar.

Şeýle hem şäherçede Han-ýap kanalynyň we golaýda ýerleşýän kollektoryň üstünden täze awtomobil köprüleri guruldy.

2022