TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $10,5 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $10,5 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 10 million 446 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri daşary ýurt walýutasyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen "B" kysymly karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 5 million 700 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 4 million 86 müň ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Gruziýaly telekeçi bolsa birža söwdalarynda umymy bahasy 660 müň ABŞ dollaryna barabar bolan şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 35 million 703 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022