Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda Maltadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 19 million 700 müň ABŞ dollaryna deň bolan az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.
BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 3 million 430 müň ABŞ dollaryna barabar bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Şeýle hem Owganystanyň we Türkiýäniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen “B" kysymly karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 2 million 200 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Birža söwdalarynda Germaniýaly işewür jemi bahasy 1 million 420 müň ABŞ dollaryna barabar bolan SN-180 kysymly başlangyç ýagy satyn aldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 35 million 703 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.