Minnihanow: Tatarystanyň işewürleri türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmek isleýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Minnihanow: Tatarystanyň işewürleri türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmek isleýärler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 28-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenebe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurda sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýynyň munuň şeýle bolmagyna ýardam edýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki köpýyllyk bilelikdäki işiň baý tejribesini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar.

Şeýle hem ýekşenbe güni Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.

Soňra Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

2022