TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 18 million 227 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 17 million 987 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkiýeli işewür bolsa jemi bahasy 240 müň ABŞ dollaryna deň bolan "B" kysymly karbamidi satyn aldy. Birža söwdalarynda satylan bu önüm "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Şeýle hem içerki bazar üçin ýerli telekeçiler SN-180 kysymly başlangyç ýagy we TPP D 30 S kysymly polipropileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 12 million 558 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 18 million 833 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022