Türkmen telekeçileri öz önümlerini Italiýada geçirilýän azyk sergisinde görkezýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri öz önümlerini Italiýada geçirilýän azyk sergisinde görkezýärler
Türkmen telekeçileri “Macfrut 2024” halkara sergisinde, 2024-nji ýylyň 8-10-njy maýy, Rimini, Italiýa

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 8-10-njy maýy aralygynda Italiýanyň Rimini şäherinde geçirilýän miwe we gök önümler pudagyna bagyşlanan “Macfrut 2024” halkara sergisine gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Hususan-da, “Ýigit” hojalyk jemgyýeti we “Arkadaş Gurluşyk” hususy kärhanasy ter pomidorlary, “Hilli Gaplama” hojalyk jemgyýeti ýer tudanalary we “Şaýlan” hojalyk jemgyýeti guradylan miweleri, “Hemsaýa” hojalyk jemgyýeti alma, alça, hurma, banan we badam ýaly önümleri, “Miweli atyz” we “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri badam önümi, şeýle hem “Gök Bulut” hojalyk jemgyýeti alma, şetdaly, hurma, hoz, pisse we badam önümleri bilen sergä gatnaşýarlar.

Çäräniň dowamynda türkmen kompaniýalarynyň birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekmegine garaşylýar.

“Macfrut” önümçilik, söwda, maşyn gurluşyk, gaplama, oba hojalygy tehnikalary, ýyladyşhana, suwaryş, tohumlar, biostimulýatorlar, şeýle hem logistika we hyzmatlar ýaly dokuz sany pudagy öz içine alýan sergi bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022