TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $19 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $19 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 18 million 827 müň 717 ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Owganystandan gelen işewürler daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 16 million 293 müň 750 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Owganystanly telekeçiler jemi bahasy 1 million 83 müň 375 ABŞ dollaryna deň bolan TS-1 kysymly awiakerosin satyn aldylar. Birža söwdalarynda satylan bu önüm "Türkmennebit" döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

TDHÇMB-da geçirilen söwdalarda Türkiýeli işewür nah ýüplügini, Azerbeýjanly telekeçi bolsa jins matasyny satyn aldy. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 450 müň 592 ABŞ dollaryndan geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 41 million 833 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022