Maý III hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $78 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maý III hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $78 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurduň Söwda toplumynyň sergisinde, 2024-nji ýylyň 3-5 apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 77 million 668 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar we yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, tehniki uglerody satyn aldylar.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany, jins matasyny, nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin nebit bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 634 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

 

2022