Ukrainada Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäre geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ukrainada Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäre geçirildi
Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen çäräniň çäklerinde geçirilen sergi, 2024-nji ýylyň 16-njy maýy

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbe güni giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäre geçirdi.

Çärä Ukrainada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we Ukrain diplomatlarynyň maşgala agzalary hem-de Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça Baş döwlet kärhanasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berdi.

“Türkmen halysy” mowzugy bilen geçirilen çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylara türkmen halylary, haly dokamagyň özboluşly usullary, olaryň nesilden-nesle geçirilişi, şu günlere çenli saklanyp galmagy, halyçylyk sungatynyň ajaýyp taryhy we çeperçiligi hem-de häzirki wagtda Türkmenistanda halyçylyk sungatyna goýulýan sarpa barada giňişleýin gürrüň berildi.

Şeýle hem çäräniň geçirilýän ýerinde türkmen halkynyň milli we medeni gymmatlyklarynyň, milli lybaslarynyň, keşdeçilik sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Sergide türkmen halylary we haly önümleri, milli egin-eşikleri, matalary görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen kitaplarynyň sergisi hem geçirildi.

2022