Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda jemi bahasy 34 million 280 müň ABŞ dollaryna deň bolan "B" kysymly karbamid satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.
Owganystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler daşary ýurt puluna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen "B" kysymly karbamidi satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 77 million 668 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.