Maý soňky hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $38,5 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maý soňky hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $38,5 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 38 million 469 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, polipropileni, binýatlyk ýagy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen gaplaryny we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Şeýle-de Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň telekeçilerine nah ýüplük we aşgarlanmadyk mata ýerlenildi.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 878 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), float aýnasyny we ýüpek çig malyny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022