Türkmen telekeçileri “Hytaý ‒ Ýewraziýa” halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri “Hytaý ‒ Ýewraziýa” halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
“Hytaý ‒ Ýewraziýa” halkara sergsi, 2023-nji ýylyň 17-21-nji awgusty, Urumçi, Hytaý

Türkmen telekeçileri 2024-nji ýylyň 26‒31-nji iýuny aralygynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý ‒ Ýewraziýa” atly 8-nji halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu ýyl sergi “Ýüpek ýolundaky täze mümkinçilikler ‒ Ýewraziýa üçin täze durmuş güýji” şygary astynda geçiriler.

Sergide ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan önümler we hyzmatlar görkeziler, şeýle hem Hytaý we Ýewraziýa ýurtlarynyň telekeçileriniň arasynda işewür duşuşyklar we gepleşikler geçiriler.

“Hytaý ‒ Ýewraziýa” halkara serginiň çäginde “Týan-Şan” forumy geçiriler. Şeýle hem bu ýerde Hytaý ‒Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça forumlar, mowzuky çäreler, Hytaý we daşary ýurt medeniýet hepdeligi, maýa goýumlary çekmek we söwda boýunça birnäçe çäreler guralar.

Öňki ýyllarda geçirilen “Hytaý ‒ Ýewraziýa” halkara sergisine Hytaýyň we daşary ýurtlaryň liderleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ministrlik derejesindäki 1100-den gowrak hytaýly we daşary ýurtly myhmanlar, 70 ýurtdan we sebitden 12 müňden gowrak kärhana gatnaşdy.

2022