BSGG-niň wekilhanasy gämileriň sanitariýa barlagy boýunça okuw sapagyny geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BSGG-niň wekilhanasy gämileriň sanitariýa barlagy boýunça okuw sapagyny geçirdi
Gämileri sanitariýa gözden geçirmek we gämi sanitariýa şahadatnamalaryny bermek boýunça okuw sapagy, 2024-nji ýylyň 3-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy BSGG-niň Ýewropa sebitleýin bölümi bilen bilelikde duşenbe güni Aşgabatda gämileri sanitariýa gözden geçirmek we gämi sanitariýa şahadatnamalaryny bermek boýunça okuw sapagyny geçirdi. Bu barada BSGG-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Okuw sapagyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Döwlet karantin gullugynyň, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekilleri we bu ugurda başarnykly beýleki hünärmenler gatnaşdylar.

Bu çäre Merkezi Aziýada saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen BSGG-niň “Bitewi saglyk” çarçuwasynyň çägindäki milli mümkinçilikleri güýçlendirmek taslamasynyň bir bölegi bolup durýar.

Metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu okuw sapagynyň maksady Türkmenbaşy halkara deňiz portunda we Türkmenistandaky gämilerde jemgyýetçilik saglygy goraýyşy ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Çarçuwaly maksatnama uzak möhletleýin meýilnama we maýa goýum gözýetimi hökmünde “Bitewi saglyk” çemeleşmesini netijeli durmuşa geçirmek üçin pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. Maksatnamada zoonozyň ýokançlyklaryna garşy göreşmek, mikroblara garşy derman serişdelere durnuklulygyň profilaktikasy we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly üç sany ileri tutulýan ugur öňe sürilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, howa menzilleri, portlar we ýerüsti ulag merkezleri ýaly giriş nokatlary halkara syýahat we söwda sebäpli ýüze çykyp biljek jemgyýetçilik saglyk hadysalarynyň öňüni almakda, ýüze çykarmakda hem-de olara jogap bermekde möhüm orny eýeleýär.

2022