Awaza bilen Horezmiň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň geljegi öwrenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awaza bilen Horezmiň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň geljegi öwrenilýär
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň 12-nji mejlisi, 2024-nji ýylyň 31-nji maýyndan 2-nji iýuny, Hywa, Özbegistan

Türkmenistan we Özbegistan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda özara syýahatlary guramak maksady bilen hyzmatdaşlyk maksatnamasyny döretmek mümkinçiligini öwrenýärler. Bu barada Özbegistanyň “yuz.uz” agentligi habar berdi.

Bu maksatnamany taýýarlamak we oňa gol çekmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler 2024-nji ýylyň 31-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Hywa şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň 12-nji mejlisiniň çäginde gurnalan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hywa şäherinde geçirilen mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem Syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň 12-nji mejlisinde zyýarat, lukmançylyk we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmäge gönükdirilen kararlar kabul edildi.

2022