Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 24-25-nji iýunynda Türkmenistan - Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) işewürlik maslahaty geçiriler.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew we BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda bu çäräniň geçirilmegine görülýän taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdylar.
Soňky gezek Türkmenistan - BAE işewürlik maslahaty 2022-nji ýylda Abu-Dabi şäherinde geçirildi.