TDHÇMB-da anna güni jemi 68,5 million manatlyk pagta önümi satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da anna güni jemi 68,5 million manatlyk pagta önümi satyldy
Türkmenistanda pagta ýygymyndan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni milli manatda geçiren söwdalarynda jemi bahasy 68 million 525 müň 288 manada barabar bolan pagta übtügi satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birža söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmenpagta” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen el halysyny satyn aldylar. Bu söwdalarda baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 35 müň manatdan geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 38 million 469 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022