“Daýhan sarpasy” daýhan hojalygy ýakynda kuwwaty ýylda 12 million broýler towuk jüýjesini we 3 million ýumurtga ugurly towuk jüýjesini çykarmaga mümkinçilik berýän inkubirleme sehini işe girizdi. Bu barada “Biznes reklama” gazeti duşenbe güni habar berdi.
“Daýhan sarpasy” daýhan hojalygy 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, oňa degişli miweli bagçylyklar, gök-bakja ekinleri ekilen ýerler, ýyladyşhanalar, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary Ahal welaýatynyň dürli etraplarynda ýerleşýär.
Habarda bellenilişi ýaly, daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 15 müň tonna guş etini hem-de 240 million sany towuk ýumurtgasyny öndürmäge niýetlenendir. Şeýle-de bu ýerde ýyllyk kuwwatlylygy 120 müň tonna barabar bolan towuk we gara mallaryň iýmini taýýarlaýan zawodlaryň ikisi hereket edýär.
Şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň çäginde daýhan hojalygynyň ýyladyşhanalary ýerleşip, olarda pomidoryň, hyýaryň, bulgar burçunyň birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.
Mundan başga-da, “Daýhan sarpasy” daýhan hojalygyna degişli miweçilik ýerlerde alma agaçlarynyň bir gektaryndan 25 tonna, şetdalydan 17 tonna, armytdan 12 tonna, üljeden 7 tonna, badam agajyndan 13 tonna çenli hasyl ýygnalýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Parahat” daýhan birleşiginiň çäginde daýhan hojalygyna degişli maldarçylyk toplumy hem hereket edýär. Bu ýerde et ugurly simmental tohuma degişli gara mallaryň 1500-den gowrak başy idedilýär.