AŞTU täze “Smart Goldaw” hyzmatyny işe girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
AŞTU täze “Smart Goldaw” hyzmatyny işe girizdi
Müşderiniň AŞTU-nyň programma ulgamynda amal ýerine ýetirýän pursady

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ýörite programma üpjünçiligi hem-de aragatnaşyk torlary arkaly habar beriş howpsyzlyk we gözegçilik ulgamynyň “Smart Goldaw” hyzmatyny girizdi.

AŞTU-nyň duşenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda bu habar beriş howupsyzlyk we gözegçilik ulgamy dolandyryş enjamlaryny, hereketleri belleýji we magnit-kontakt gurluşlary (datçikler) öz içine alýar. Şeýle hem bu ulgama ýangyn duýduryjy, gaz analizatorlary we suw akmasyny anyklaýjy gurluşlary birikdirmäge mümkinçilikler bar.

“Smart Goldaw” hyzmatyny birikdirmek bilen müşderiler islendik ýerdäki binanyň, desganyň, jaýyň gapysynyň, penjiresiniň açylyp-ýapylmagy, desganyň içinde ýa-da töwereginde adam hereketleriniň emele gelmegi, ýangyn howupsyzlygy, suw akmasy, gaz syzdyrmasy ýaly wajyp maglumatlary dessine el telefonyna ýa-da stasionar gurluşyna (pultyna) kabul edip bilerler.

Bu hyzmat “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ bilen “Uly Gaýa” hojalyk jemgyýetiniň arasynda baglaşylan tabşyryk şertnamasy esasynda ýerine ýetirilýär we onuň aýlyk bahasy 50 (elli) manada deň bolup durýar.

2022