TDHÇMB-da anna güni geleşikler 495 million manada golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da anna güni geleşikler 495 million manada golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni milli manatda geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 494 million 47 müň 317 manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “А” kysymly tehniki ýody satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 466 million 840 müň manada deň boldy.

Türkmen işewürleri jemi bahasy 4 million 650 müň manada deň bolan başlangyç ýagyny we umumy bahasy 22 million 507 müň 500 manada barabar bolan tehniki gurumy satyn aldylar.

Şeýle hem türkmen telekeçileri jemi bahasy 49 müň 817 manada deň bolan türkmen el halysyny satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri ýassyk daşyny, iki adamlyk düşekçe üsti prostyny, ýatyş matrasy üçin lastik rezinli çeholy, taýýar düşekçe toplumyny, nah mata, dürli ölçegli, orta öwüşginli boýalan sütükli önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 980 müň 224 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022