Türkmenistanda Gurban baýramy giňden bellenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Gurban baýramy giňden bellenilýär
Gurban baýramy mynasybetli geçirilýän baýramlardan bir pursat

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda Gurban baýramy giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem gurbanlyk döwlet derejesinde üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk meýdançalarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda baý öwüşgindäki aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyrylyp bellenilýär” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň  Prezidenti gutlag hatynda şu ýyl hem Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň wekillerinden ybarat uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata iberilendigini aýtdy.

Gurban baýramynyň ilkinji gününde ýurduň ähli welaýatlarynda baýram namazy okalyp, ýagşy doga-dilegler edildi we baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny 16-17-18-nji iýunda bellemek we 16-njy iýundaky dynç gününi 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekipdi.

2022