Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede milli manatda geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 537 million 257 müň manatdan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.
Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri polipropilen, garylan parafin galyndysyny, binýatlyk ýagy (“Türkmennebit” döwlet konserni), tehniki uglerody, tehniki ýody, bişofiti, natriý sulfatyny (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni), float aýnasyny we el halylaryny satyn aldylar.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar.
Şeýle hem BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek matalar, jins önümleri, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 763 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.