“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy
Gazçylaryň senagat ähmiýetli täze gaz akymyny işe girizýän pursady

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň burawlaýjylary Gurban baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde “Galkynyş” gaz känindäki 259-njy ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar.

“Nebit-Gaz” gazetiniň şu ýylyň 18-nji iýunynda çap edilen sanynda habar berilmegine görä, müdirligiň burawlaýjylary guýynyň buraw işlerini 4 müň 461 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Olar 4 müň 461 — 4 müň 350 metr aralyklardaky gatlaklardan senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş gaz guýusy her gije-gündizde iki million kub metrden köpräk tebigy gaz berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde “Galkynyş” gaz käniniň geologik we tehniki häsiýetlerine gabat gelýän Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasynyň oturtma we sorujygysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly ýerasty enjamlary giňden ulanyldy.

“Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary häzirki wagtda “Galkynyş” gaz känindäki 260-njy hem-de 265-nji ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

2022