Türkmenistan-Çehiýa: Bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmek mümkinçilikleri öwreniler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Çehiýa: Bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmek mümkinçilikleri öwreniler
Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeler, 2024-nji ýylyň 20-nji iýuny, Praga, Çehiýa

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çehiýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-spikeri Ýan Bartoşekiň arasynda Çehiýanyň Praga şäherinde penşenbe güni duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek we bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň çäklerinde türkmen-çeh ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar bilelikdäki sergileri, festiwallary we Medeniýet günlerini guramaklygy hem-de döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

Şeýle hem şol gün Praga şäherinde Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna bolsa Çehiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar bar bolan türkmen-çeh ylalaşyklarynyň üstünde durup geçip, bilelikdäki şertnama-hukuk binýady bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda dolanyşygyny artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem energetika, ulag infrastrukturasy, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

2022