Türkmen telekeçisi ulanylan suwy gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän enjamy hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi ulanylan suwy gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän enjamy hödürledi
Ekin meýdanynyň suwarylýan pursady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Enwer Babaýewe degişli kärhana oba hojalygynda ozal ulanylan suwy gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän enjamy hödürledi.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilmegine görä, täze enjam süýji suwdan tygşytly peýdalanmak meselesini çözmekde ygtybarly serişde bolup durýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu enjam, birinjiden, suwy tygşytlamakda, ikinjiden, ýyladyşhana üçin çykdyjylaryň mukdaryny azaldyp, netijeliligi ýokarlandyrmakda uly gymmata eýedir.

Suwy zyýansyzlandyrmagyň birnäçe görnüşleri belli bolup, olaryň hatarynda ýylatmak, ozondyr ultrasüzgüç, hlorid arkaly zyýansyzlandyrmagy görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, kärhana tarapyndan ýola goýlan suw täze enjam arkaly pes basyşly çyralar bilen ultramelewşe şöhleleri ulanmak arkaly zyýansyzlandyrylýar.

Bu usul ygtybarly häsiýete eýe bolup, suw ultramelewşe şöhleleri arkaly zyýansyzlandyrylanda, oňa hiç hili himiki maddalar goşulmaýar. Munuň özi suw dolanyşygyndaky ozalky mukdary ençeme esse azaltmaga we öňki hasyllylygy saklap galmaga kömek edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022