Aşgabatda “Türkmenistan – BAE” işewürlik maslahaty geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Türkmenistan – BAE” işewürlik maslahaty geçirildi
“Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahaty, 2024-nji ýylyň 25-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde sişenbe güni “Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri” (BAE) işewürlik maslahaty geçirildi.

Işewürlik forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow we Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň ýolbaşçylygyndaky dostlukly ýurduň hökümet we işewür gurluşlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem forumyň dowamynda esasan-da söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna aýratyn üns berildi.

“Türkmenistan – BAE” işewürlik maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda halkara maýa goýumlaryny we milli taslamalary durmuşa geçirmegiň ösüş depginini we netijeliligini aýdyň görkezýän sergi guraldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022