“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar
Aşgabat Halkara howa menzili, Türkmenistan

“Türkmenhowaýollary” agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýulmagy meýilleşdirýär.

Agentligiň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu çözgüt müşderileriň isleginiň artýandygy nazara alnyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlary hepdäniň çarşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan häzirki wagtda reje boýunça ýerine ýetirilýän ýolagçy halkara gatnawlaryna islegler yzygiderli artýar.

2022