Iýun soňky hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $15,5 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iýun soňky hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $15,5 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 15 million 598 müň 400 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Azerbaýjandan gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de “Türkmenpagta” döwlet konserninde öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 77 million 81 müň 500 manatlykdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, polipropileni, gurluşyk hem-de dokma önümlerini we türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

2022