Türkmenistandan Yraga ýylda 10 milliard kub metre çenli gaz iberiler

DIM
Türkmenistandan Yraga ýylda 10 milliard kub metre çenli gaz iberiler

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy köp ýyllaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gaz pudagyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler.

Türkmen gazyny Eýrana we onuň üstünden üçünji ýurtlara ibermek boýunça amala aşyrylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýär.

Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda iň ýokary döwlet derejesinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi boýunça türkmen we eýran taraplarynyň işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandygy bellenmelidir. Şeýlelik bilen, gaz-ulag infrastrukturasyny giňeltmek maksady bilen eýran kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometre barabar bolan täze gaz geçirijisiniň we Eýrana goşmaça möçberde gaz ibermek üçin zerur bolan üç sany gaz gysyjy desgalaryň gurluşygy boýunça işler amala aşyrylar.

Şeýle hem bar bolan kuwwatlykardan başga-da, Döwletabad–Sarahs–Hangeran ugurlary boýunça we Çaloýuk gaz ölçeýji desgasy arkaly Eýrana iberilýän gazyň möçberini ýylda 40 milliard kub metre çenli atrdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny nygtamak gerek.

Gaz pudagyndaky netijeli özara gatnaşyklar üçin bar bolan uly mümkinçiliklerden geljekde hem peýdalanmak maksady bilen 2024-nji ýylyň 1-3-nji iýulynda Aşgabat şäherinde türkmen we eýran taraplarynyň gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçiren duşuşyklarynyň netijeleri boýunça türkmen we eýran taraplary «SWAP» çyzgysy boýunça Türkmenistandan Eýran Yslam Respublikasynyň çägi arkaly Yrak Respublikasyna iberiljek ýylda 10 milliard kub metre çenli bolan möçberdäki tebigy gazy satyn almak-satmak barada şertnama baglaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

2022