“Galkynyş” käninde senagat ähmiýetli täze gaz akymy alyndy

BT
“Galkynyş” käninde senagat ähmiýetli täze gaz akymy alyndy
Gazçy hünärmenleriniň alyp barýan işinden bir pursat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy özgerýär. «Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda tebigy gazy diwersifikasiýa ýoly bilen daşarky bazarlara çykarmakda möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigy gazynyň möçberi boýunça dünýäde belli bolan «Galkynyş» gaz käni bu gün «mawy ýangyjyň» iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda — ýakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 236-njy belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 563 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4 müň 509–4 müň 363 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi — 126 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär.

Bu işler milli hünärmenlerimiz tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirildi. Gazanylan zähmet üstünliginde halypa burawlaýjylar bilen birlikde ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap, ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy tehnologiki enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, işleri çalt depginde, ýokary hilli ýerine ýetirmäge, şeýlelikde guýularyň uzak wagtlap işlemegine şert döredýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary netijesinde bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde hem «Galkynyş» gaz käniniň geologiki we tehniki häsiýetlerine laýyk gelýän Ýaponiýanyň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, «Kameron» kompaniýasynyň çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary giňden peýdalanyldy. Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz känindäki guýularyň görkezijileri bir tarapdan öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriniň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri halkara maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar. Häzirki wagtda konserniň gazçylary bir wagtyň özünde «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy, 253-nji, 260-njy, 265-nji, 283-nji belgili ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini meýilnama laýyklykda üstünlikli alyp barýarlar.

Çeşme: Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022