Türkmenistanda ylym, bilim, saglyk we sport boýunça premýer-ministriň orunbasary bellenildi

THP
Türkmenistanda ylym, bilim, saglyk we sport boýunça premýer-ministriň orunbasary bellenildi
Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa

12-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, N.Amannepesowy başga has jogapkärli işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bellenilişi ýaly, N.Amannepesow saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini täze gurulýan halkara merkezlerinde netijeli ulanar.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine B.Orazdurdyýewany belläp, ony bilim ministri wezipesinden boşatdy.

Çeşme: Türkmenistan Habarlar Portaly

2022