Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar

Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy
Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow bilen wganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň w.ý.ý. molla Hidaýatulla Badriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 13-nji iýuly, Kabul, Owganystan

2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň w.ý.ý. molla Hidaýatulla Badri bilen duşuşdy.

Ilkibada H.Öwezow molla H.Badrini Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň w.ý.ý. hökmünde bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýakyn wagtda Owganystanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň amaly işleriniň başlanylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň netijesinde TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyldy. 

Çeşme: Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy

2022