2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkent şäherinde Türkmen-Özbek işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, özbek tarapyna Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary D.Rasulow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, hususan-da energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, derman senagaty we syýahatçylyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek meselelerine garaldy.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM-i