Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksportyny ýola goýmakçy

Türkmenmetbugat
Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksportyny ýola goýmakçy
«IVECO» kysymly awtoulag

Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Şu ýyl Azerbaýjanyň Sumgaýyt sebitinde «IVECO» kysymly ýeňil we ýük awtoulaglarynyň önümçiligine niýetlenilen zawodyň işe başlamagyna garaşylýar.

Ýylda 100 awtoulag öndürmäge ukyply zawodyň önümlerini Türkmenistana hem eksport etmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de zawodda öndürilen awtoulaglar Russiýa, Gruziýa we Eýran ýaly ýurtlara hem eksport ediler.

Çeşme: Türkmenmetbugat

2022