Ýurdumyzyň ýygyndy topary Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

THP
Ýurdumyzyň ýygyndy topary Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar
Pariž, Fransiýa

19-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzdan türgenler sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýetini ugratmak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu möhüm çäräni geçirmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: THP

2022