Türkmen işewirleri myhmanhanalaryň halkara sergisine çagyrylýar

BT
Türkmen işewirleri myhmanhanalaryň halkara sergisine çagyrylýar
“HORECA” halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 24-26-njy oktýabry, Daşkent, Özbegistan

Özbegistanyň Myhmanhanalar birleşigi türkmen işewürlerini 2024-nji ýylyň 8-10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek «HORECA Uzbekistan» atly ilkinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar.

Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk komitetiniň goldawy bilen guraljak bu çäre myhmansöýerlik işewürliginde gazanylan üstünlikleri görkezmek we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp platforma bolar.

Sergi Özbegistandan hem-de daşary ýurtlardan myhmanhana we restoran işewürliginiň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlär.

Serginiň maksatnamasy şulary öz içine alýar:

  • Myhmanhana işewürligi üçin harytlaryň we hyzmatlaryň sergisi
  • Maslahatlar we ussatlyk sapaklary
  • Hünär bäsleşikleri
  • Dünýä aşhanalarynyň festiwaly

Serginiň bölümleri içerki dizaýny we hünär enjamlaryndan başlap, awtomatlaşdyryş we howpsuzlyk ulgamlaryna çenli köp sanly temany öz içine alýar.

Çäräniň çäginde 8-nji oktýabrda myhmanhana işewürliginde ýaşyl tehnologiýalara we sanlylaşdyrmaga bagyşlanan maslahat geçiriler.

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

2022