“Guwlyduz” zawody halkara şahadatnamalara eýe boldy

“Guwlyduz” zawody halkara şahadatnamalara eýe boldy
Önümleriň esasy aýratynlygy ekologiýa zyýansyz we ýokary hilliligindedir.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Türkmenhimiýa» DK-nyň «Guwlyduz» zawodynyň önümleri birbada üç şahadatnama eýe boldy.

Olar: daşky gurşawy dolandyryş şahadatnamasy ISO 14001; Lukmançylyk önümliriniň hil dolandyryş ulgamyna laýyklygy barada şahadatnama ISO 13485; şeýle hem, kärhananyň duz öndürijilik dolandyryş ulgamynyň talaplaryna doly laýyklygy barada şahadatnama ISO 9001.

Ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we ilkinji zerur önümleriň biri bolup, «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly harytlar diňe ýurduň çäginde däl, eýsem, bütin dünýäde uly islege eýedir. Ýodlanan duz önümleri adam bedeninde ýod ýetmezçiliginiň öňüni alýar we immuniteti ýokarlandyrýar.

Şu maksat bilen, 2019-njy ýylda bu ýerde 40 müň tonna ýodlanan duz we iki müň tonnadan gowrak tehniki duz öndürmek kuwwaty bolan täze, häzirki zaman kärhanasy işe girizildi. Zadowdaky önümçilik prosesi doly awtomatlaşdyrylan we mehanizasiýalaşdyrylan bolup, bu duz gazýanlaryň işini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Önümleriň esasy aýratynlygy ekologiýa zyýansyz we ýokary hilliligindedir. Bu duzlar Guwly kölüniň düýbünden alynýar. Soňra çig mal hapalardan arassalanýar we zerur ýagdaýa getirilip, kristallaşdyrylýar. Soňra ýod bilen baýlaşdyrylýar we laboratoriýa şertlerinde ünsli gözden geçirilýär. Barlaglardan geçen duzlar gaplanýar we taýýar önümler ammaryna reňkli gaplamalarda iberilýär, diňe şu tapgyrlaryň ählisinden geçensoň, duz bazara çykarmaga taýýar bolýar.

 

Çeşme: THP

2022