Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 6 sanysy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Şeýle-de Türkiýeden we Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürlere Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 750 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 450 müň manatlyk polipropileni we nebit önümlerini satyn aldylar.
Çeşme: “Biznes reklama” gazetiniň 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky sany