TDHÇMB: Daşary ýurtly işewürler suwuklandyrylan gaz, bitum satyn aldylar

TDHÇMB
TDHÇMB: Daşary ýurtly işewürler suwuklandyrylan gaz, bitum satyn aldylar
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Penşenbe güni, 8-nji awgustda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Täjigistan, Owganystan, Türkiýe we Gruziýa döwletiniň işewürleri “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernlerinden suwuklandyrylan gaz we “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumy soňra Serbiýe döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstrakty satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda hem ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumy we "Türkmenhaly" Döwlet Birleşiginden Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 154 724,00 manada we 6 433 000,00 ABŞ deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.
 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022