TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $42,5 milliondan geçdi

TDHÇMB
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $42,5 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Çarşenbe güni, 14-nji awgustda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň we BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden gidrousulda arassalanan "ULSD 10ppm" kysymly dizel ýangyjyny we “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy satyn almak barada, şeýle hem Omanyň we BAE-niň işewürleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden "B" kysymly karbamidy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Bulardan başga-da, Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanalardan dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 42 593 944,00 ABŞ dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

2022