Penşenbe güni “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä bazarynda onuň ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açýar.
Gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak geljegi nazara almak bilen onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistanda gaz pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman eýsem olara sebit we ähliumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga möhüm goşant bolup durýar.
Çeşme: “Watan habarlary” gepleşigi